Suratkeşleriň çakylygy sungat hakdaky pikirlerimi gozgady. Halypalar, ýaş mugallymlar gyşyň peýzažyny çekmäge hyýallanypdyrlar. Tebigata taý geljek zat barmy?! Suratkeşler etýudnigini (surat çekmek üçin gural) alýan bolsalar, biziňem ýandepderçämiz bilen galamymyz taýyn.
Iki tirkeş bolup barýan ulagyň ümzügi Gökdepäniň Ýaňgalasyndan geçip, Üçünji obasyna tarapdy. Suratkeşler töweregi daglar gurşan bu ýollarda «gudrat» gördüler. Derrew jübülerine ellerini ýetirdiler. Telefonlaryny çykaryp, surata almaga başladylar. Ýokary-aşak inýän ýollarda ulagyň siltenmesi-de olaryň ünsüni bölenokdy. Basym Üçünjä-de ýetdik. Daş-töwerek gitdigiçe görklenýärdi.