Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk dörediji merkez

20 Fewral 2023
679

Aşgabat, 18-nji fewral (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hünär baýramçylygy we şu maslahatyň geçirilmegi mynasybetli diplomatik işgärlere iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu babatda döwletara we hökümetara derejelerde syýasy diplomatik, halkara hukuk, söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talaplar bildirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.