Maksat — TOPH we TOP taslamalaryny tizleşdirmek
Ýakynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Möwlamow Pakistanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Raja Perwez Aşraf bilen geçiren duşuşygynda ýurdumyzda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilendigi barada habar berip, parlamentara gatnaşyklarda özara tejribe alyşmak üçin saparlardyr duşuşyklary guramagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de türkmen diplomaty Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşyklarynyň amala aşyrylyşy hakynda gürrüň berdi.