Owlakbakar

9 Fewral 2023
1867

Towşan ýylynda bu ajaýyp jandar bilen bagly käbir yrymlar hakda gürrüň etmegi makul bildik. Ilki bilen bellemeli zat, towşany adamzadyň hem-de janly tebigatyň gowy görýänligidir. Şonuň üçin bu ýyl söýginiň, birek-birege mähribanlygyň ýyly bolar. Ikinjiden, ýurdumyzda akja bäbekler köp bolar. Gazanlaryň gapagy toý diýlip açylyp, sallançaklar üwrelip, toý pişmeleri bişiriler. Sebäbi towşan köpelgiç haýwanlaryň hataryna girýär. Könekilerimiz onuň gök otdan garny doýsa, çebşekleýändigi barada şeýle aýtgyny miras goýupdyrlar.

On iki düýe,
On ýylky,
Dokuz sygyr,
Bäş tokly,
Üç köpegi ýanynda,
Bir ýarym towşan,
Bir — tilki.

Nepes SAPARNAZAROW.