Ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen «ak altyny» ýitgisiz, çalt ýygnap almak we kabul ediş nokatlaryna bökdençsiz daşamak, pagtaçylary zähmet üstünligine ruhlandyrmak we ýygymyň depginini ýokarlandyrmak maksady bilen, Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde geçirilen aýdym-sazly dabara täsirliligi bilen tapawutlandy. Etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölümi tarapyndan guralan dabarada oňa gatnaşyjy pagtaçy kärendeçilere, ýygymçylara, kombaýnçylara, şeýle-de hasyly harmana daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjilerine häzirki gyzgalaňly günlerde uly zähmet üstünlikleri arzuw edildi.
Ýaňlanan hoş owazly aýdym-sazlar meýdan düşelgesindäki ruhubelentligi has belende göterdi. Eziz Diýarymyzyň ösüş-özgertmelerine beslenen Arkadagly zamanamyzyň, hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň, joşgunly zähmetiň waspy bolan çykyşlar astynda etrap merkezi kitaphanasynyň göçme kitap sergisi bilen tanyşmak zähmetkeşler üçin has-da ýakymly boldy. Pagtaçylara Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaý hem hödür edildi.