Türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň möhüm bölegi bolan el işleriniň keşde çekmek usuly nesilden-nesle geçip, gymmatly hazyna hökmünde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ene-mamalarymyzyň ýürek yhlasyndan dörän bu nepis sungat bu gün bütin dünýäni haýrana goýýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda gelin-gyzlarymyzyň uz barmagyndan dörän bu täsin sungat hakda: «Türkmen zenany — jadyly el sungaty bilen bu günki gün dünýäni özüne aşyk edýändir» diýip, örän jaýdar belleýär.
Türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünäri bolan el işlerini synlanyňda, olaryň her birine siňdirilen yhlasyň, irginsiz zähmetiň bimöçberdigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Halkymyzyň däp-dessurlaryny açyp görkezýän çeper el işleri taryhyň dowamynda oýlanylyp-ölçerilip, pähim-paýhas eleginden geçirilip döredilen gymmatly mirasymyzdyr.