Her gezek baýdagymyzdaky ajaýyp haly göllerimiziň aşagyndaky, BMG-niň nyşanyndan alnan zeýtun ýaprakly şahajyklary synlanymda, bu ösümligiň öz mukaddes topragymyzda-da bitýändigi baradaky buýsançly duýgulara berilýärin.
«Türkmen sowet ensiklopediýasynyň» 3-nji jildinde zeýtun bilen bagly birgiden maglumat berlipdir. Aslynda, ylmy çeşmelerde zeýtunlar maşgalasy iki ülüşlilere degişli bolup, agaç hem-de gyrymsy agaç şekilli ösümlikler hökmünde häsiýetlendirilýär. Ýaprakýanlary ýönekeý ýa-da ýelek şekilli çylşyrymly bolup, garşylykly ýa-da gezekleýin ýerleşýärler. Gülokarasy örän maýda we dört dişli. Gültäji bitewi we dört dişli, käbiriniň gülýany (gülokarasy we gültäji) bolmaýar. Tyçinkasy iki miwesi şänikli, iýmiş şekilli, gozajyk görnüşinde bolýar. Zeýtunlar maşgalasynyň 30 urugy, 600 görnüşi bolup, Türkmenistanda bu maşgalanyň 7 urugyna degişli 11 görnüşi ýaýrandyr. Miwesinden zeýtun ýagy alynýar. Bişmedik şäniginiň gabygynda 5 göterime, maňzynda 12 göterime çenli ýag bolýar. Hemişe gök öwsüp oturan agaç bolup, beýikligi 4 — 12 metre ýetýär. Zeýtunyň güljagazlary owunjak, agymtyl, miwesi etlek we şänikli bolýar. Her düýbi möwsümde 20 — 40 kilogram hasyl berýär. Zeýtun Afrikada, Ýaponiýada we başga-da birnäçe ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýär.