Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

17 Oktýabr 2022
575

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çagyrmagy boýunça 2022-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy. Dostluk, birek-biregi hormatlamak we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda döwletleriň Baştutanlary strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini düýpli ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlandan soňky 30 ýylyň içinde gazanylan, doganlyk halklaryň köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, çuň medeni-ruhy arabaglanyşygyna esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, Prezidentler türkmen-gazak gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ugruň üýtgewsizdigini tassykladylar. Bu bolsa iki doganlyk döwletiň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär we Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart TOKAÝEW.
Astana şäheri, 2022-nji ýylyň 15-nji oktýabry.