Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň zähmetsöýer daýhanlary ýylyň-ýylyna aralyk ekinleriň dürli görnüşlerini ekip, olardan ýokary hasyl almagyň hötdesinden gelýärler. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem bu ýerde 70 gektar meýdana şaly, 65 gektara mäş, 6 gektara noýba, 60 gektara mekgejöwen, 7 gektara gawun-garpyz, 70 gektar meýdana ýeralma ýaly ekinler ekildi. Şu günler olara göwnejaý ideg edilýär.
Ýakynda daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda bolup, aralyk ekinleriň ýagdaýy bilen tanyşdyk. Biz baranymyzda irki ekilen noýbanyň, mäşiň, gawun-garpyzyň hasyly ýygnalýar eken. Beýleki ekinleri hem ýygnabermeli.