Ähli döwürleriň edebi gymmatlygy

17 Oktýabr 2022
806

Türkmen halky dilewarlykda, suhangöýlükde özüni gadymdan bäri tanadyp gelýän halkdyr. Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň we beýleki beýik şahsyýetleriň atlary bilen aýdylýan dürli rowaýatlaryň, poemalaryň, dessanlaryň türkmen halkynyň edebi mirasynyň dilewarlyk sungatyny baýlaşdyrmakda uly ähmiýeti bar. Gorkut atanyň öýme-öý, obama-oba aýlanyp, halkyň arasynda hormatlanýan şahsyýet hökmünde bitiren hyzmatlary, Oguz hanyň adyl syýasaty, Göroglynyň dilewarlyk bilen iş ýöredişi türkmen halkynyň aňyrdan gelýän adamkärçilikli, ata Watany söýýän, ynsanperwer halk bolandygyna şaýatlyk edýär.

Söz sungaty ähli döwrüň edebi gymmatlygy hökmünde ýaşaýar. Öňki döwürlerde türkmen halkynyň arasynda wagyz-nesihat işlerini, köplenç halatlarda, mollalar, şahyrlar, bagşylar, ozanlar, derwüşler ýerine ýetiripdirler. Halk olary sylapdyr, hormatlapdyr we olaryň halka täsiri uly bolupdyr.

Oguljennet JUMALYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.