Şu gün günüň ikinji ýarymynda Gazagystanda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Astana» halkara maliýe merkezine baryp gördi.
Döwlet Baştutanymyz käbir resmi wekiller bilen bilelikde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň iň gowy tejribelerini we döwrebap mümkinçiliklerini birleşdirýän bu özboluşly merkezde bolup, onuň alyp barýan işi hem-de aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdy.