Bitewi dünýä — bitewi geljek

7 Aprel 2022
1093

Düýn Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde ýetilen sepgitler bilen bagly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň, halkara guramalaryň wekilleri, professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew, ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky Ýerine ýetiriji wekili Aýna Seýitliýewa, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Aleksandru Nartea, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri Maral Güjikowa, Ogulmähri Geldiýewa hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy Leýli Öwezberdiýewa dagy çykyş etdi. Agzalan guramalar bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy, ýurtda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler, öňde duran wezipeler, ekologik abadançylygyň saglyga täsiri, «bitewi saglyk» düşünjesi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýan işler çykyşlaryň özenini düzdi.

Ýazga geçiren Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».