«Biziň Planetamyz, biziň saglygymyz»

7 Aprel 2022
974

— 2022-nji ýylda Bütindünýä saglyk gününiň şygary

Bütindünýä saglyk güni her ýyl 7-nji aprelde, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) 1948-nji ýylda döredilen gününde bellenilýär. Şol taryhy günden bäri geçen döwürde dünýäniň 194 döwleti bu guramanyň agzasy boldy. Saglyk gününiň her ýyl bellenilmegi 1950-nji ýyldan bäri däbe öwrüldi. Bütin dünýäde saglyk güni hakynda maglumat beriş-wagyz ediş çäreleri geçirilýär. Ýurdumyzda bolsa şeýle möhüm çäreler her ýyl aprel aýynyň bütin dowamynda işjeň ýagdaýda geçirilýär. Bu çäreler adamlaryň saglygyň durmuşda nähili uly ähmiýete eýedigine doly düşünip bilmekleri üçin guralýar.

Selbi MÄMMETSÄHEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.