Ösüşiň we abadançylygyň ýörelgesi

7 Aprel 2022
1066

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen!» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşy-sazandalar toparynyň ýerine ýetiren «Täze eýýamyň Galkynyşy» atly aýdymy bilen açylan bu maslahatda halypa ýazyjy-şahyrlarymyz, medeniýet we sungat ussatlary bilen birlikde ýaş döredijilik işgärleri-de çykyş etdiler.

Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.