Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow belent wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Häzirki Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has hem belent maksatlary goýduk» diýdi. Hormatly Prezidentimiz bu maksatlary birin-birin aýdyp, olaryň her birini töwerekleýin teswirledi. Maksatlar bilen tanşanyňda ählisiniň adam hakdaky alada gönükdirilendigine göz ýetirýärsiň. Ugur alnan sepgitler bereketli topragymyzy öňküden-de gülläp ösýän mekana öwürmegi maksat edinýär.
Özüm bagtyýar ene, lukman hökmünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu taryhy çykyşyny gaýta-gaýta okap, ýürekden buýsanýaryn. Hormatly Prezidentimiz adam saglygynyň ýurdumyzda baş baýlyk bolmagynda galýandygyny aýdyp, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýyş we derman senagaty pudaklaryny dünýä derejesinde ösdürmek maksatlarynyň geljekde-de ileri tutuljakdygyny belledi. Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeleriň dowam etdiriljekdigini, täze-täze hassahanalardyr, bejeriş-sagaldyş merkezleriniň gurlup, olaryň döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün ediljekdigini aýtdy.