Aşgabat duşuşygy: Türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň täze sahypasy

5 Aprel 2022
1135

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň ýurdumyza ilkinji döwlet sapary tamamlandy. Hindi Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öz wezipesine girişenden soňra kabul eden ilkinji ýokary derejeli myhmanydyr. Elbetde, bu waka taryhylygy bilen türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysynda mynasyp orun eýelär. Gepleşikleriň ýokary derejesi, saparyň wakalarynyň giň gerimi, köpöwüşginliligi hyzmatdaşlygyň dürli jähetleri barada pikir öwürmäge esas berýär...

Hindistan, hindi halky hakynda söz açyp, taryhdan sowa geçip bolmaýar. Bu halkyň täsin medeniýetinden sowa geçip bolmaýar. Hindistan — şu günüň gadymy geçmiş bilen, ynsanlaryň tebigat bilen iç-içe, eriş-argaç sazlaşykda ýaşaýan ýurdy. Jülge saýyn dil, dag saýyn din, menzil saýyn howa täzelenýän bu ýurdy rowaýatlaryň, ertekileriň, dessanlaryň mekany hasaplaýarlar. Aýdym ýaly owadan Diýarda hindiler aýdym bolup ýaşaýar...

Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.