Şu ýyl möwsümde 1010 tonna pile öndürmegi öz öňünde belent maksat edinen Lebap welaýatynyň ýüpekçileri ýurdumyzda ilkinjiler bolup ýüpek gurçugynyň tohumyny janlandyryp, olary idetmek işlerine girişdiler. Nowruzyň gelmegi bilen ýapraklap başlan tut agaçlary ýüpek gurçugynyň esasy iýmit gorudyr. Welaýatyň gündogar etraplarynda ýüpek gurçuklary has ir oýanýar. Hut şonuň üçin-de Köýtendag, Döwletli, Kerki we Halaç etraplarynyň ýüpekçileri bu möwsüme irki möhletlerde taýýarlyk görýärler. Ýüpek gurçuklary idediljek jaýlar öňünden dermanlanyp, arassaçylyk işleri geçirilýär. Tut agaçlarynyň düýpleri ýumşadylyp, dökünlenip, soňra suwarylýar. Her düýp tut agajy 30 — 40 kilogram ýaprak berip bilýär.
— Şu ýyl biz Marynyň we Türkmenabadyň ýüpek gurçugynyň tohumyny öndürýän kärhanalaryndan başga, Hytaý döwletinden-de tohum aldyk. Şu günler olary janlandyrmak işlerini talaba görä alyp barýarys. Möwsümde welaýat boýunça 25 müň 250 gap gurçuk tohumyny janlandyryp, ýüpekçilere bermegi maksat edinýäris — diýip, «Lebapýüpek» önümçilik birleşiginiň direktorynyň orunbasary Mekan Hudaýberdiýew aýdýar.