Arassaçylyk saglykdyr

5 Aprel 2022
936

Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň kemsiz-köstsüz berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni alýar. Ýokanç keseller, esasan, hapa ellerden, bişirilmedik iýmitlerden we arassalanmadyk suwdan geçýär. Saglygy berkitmek üçin hökman arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Bu islendik pursatda zerurdyr, muny her birimiz öz maşgalamyzdan başlamalydyrys. Her bir ene-ata bu babatda çagalaryna gözegçilik etmelidir.

Dürli ýokanç kesellerden goranmak hem-de sagdyn, berk bedenli bolmak üçin arassaçylyk düzgünlerini berjaý edip, fiziki maşklar bilen meşgullanmaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.