Türkmenistan — iri halkara ulag-logistika merkezi

25 Sentýabr 2021
1082

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümi döretmek hem-de ulag-kommunikasiýalar ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işler diňe bir milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine däl, eýsem, tutuş sebitiň ösüşine hem kuwwatly itergi berýär. Ýurt Baştutanymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen, awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny ulanmak esasynda, «Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmek boýunça geljegi uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu babatda Ýuwaş ummanyndan Hazar we Gara deňizlerine çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli geografik taýdan örän uly giňişligi birleşdirmek baradaky tagallalar aýratyn ähmiýetlidir. 

Uçuşlaryň howpsuzlygyny, Türkmenistanyň howa giňişliginiň üstaşyr geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, täze ugurlaryň hasabyna howa gatnawlarynyň depgini has-da artdyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň howa giňişliginde howa gatnawlaryny dolandyrýan gulluk tarapyndan dünýäniň 200-den gowrak awiakompaniýasynyň howa gämilerine hyzmat edilýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Parahat ŞAMYRADOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy.