Garaşsyzlyk we halkara hyzmatdaşlyk

22 Sentýabr 2021
941

Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň daşary syýasatyna ýokary baha berýär. Syzgyrlyk, ählumumy syýasy we ykdysady meýilleriň manysyna çuňňur aralaşmak, öňdengörüjilik we pragmatizm, häzirki dünýäniň çylşyrymly wakalarynda anyk we dogruçyl pozisiýany eýelemek halkara gatnaşyklarda Türkmenistanyň alyp barýan strategik ugrudyr. Ýurdumyz halkara meýdançada has açyk, has işjeň, onuň daşary syýasat ugry bolsa has maksada okgunly we netijeli häsiýete eýe boldy. Bu bolsa biziň döwletimize öz mümkinçiligine dogruçyl baha bermek esasynda derwaýys halkara meseleleriň ähli ugurlary boýunça başlangyçly syýasaty alyp barmaga, öňden gelýän we täze hyzmatdaşlary bilen netijeli, peýdaly gepleşikleri işjeňleşdirmäge, ýakyn hem alysdaky ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň dostluk we hoşniýetlilik esasynda alyp barýan daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistan dünýäde mynasyp orun eýeledi. Ählumumy abadançylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna ylalaşdyryjylygyň we arkalaşyklylygyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen merkezine öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen açyklyga we iki tarapa bähbitli gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasaty alyp barýar. Halkara guramalaryň 40-dan gowragynyň agzasy bolmak bilen, olaryň köptaraply işine işjeň gatnaşýar. Olar bilen bilelikde saglygy goraýşy, daşky gurşawy, senagaty, oba hojalygyny, bilimi, medeniýeti we beýleki ugurlary ösdürmek babatdaky maksatnamalary amala aşyrýar.

Nury KÖMEKOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Halkara we parlamentara aragatnaşyklary baradaky komitetiň agzasy, hukuk ylymlarynyň kandidaty.