Energetikleriň ynamly gadamlary

11 Sentýabr 2021
1622

Ýurdumyzyň energetika senagaty milli ykdysadyýetimiziň iri pudaklarynyň biri hökmünde Watanymyzyň bedew batly ösüşlerinde möhüm orna eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ulgamy düýpli ösdürmäge uly üns berilýär. Munuň şeýledigine Balkan welaýatynda amala aşyrylan we dowamat tapýan ägirt uly işleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Mundan bary-ýogy birnäçe ýyl öň, Hazar deňziniň kenarynda dünýäniň ösen ýurtlarynyň iň kämil enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen täze «Awaza» Döwlet elektrik stansiýasy gurlup, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Şonuň yzysüre bolsa welaýat merkezindäki öň hereket edýän Balkanabat Döwlet elektrik stansiýasynyň düzüminde täze gurlan energobloklaryň birbada ikisiniň herekete girizilmegi netijesinde, bu bekediň kuwwatlylygy düýpli artdyryldy. Kenarýaka Türkmenbaşy şäherindäki ýylylyk elektrik merkeziniň bölekleýin döwrebaplaşdyrylyp, täzeden enjamlaşdyrylmagy bilen bolsa tutuş welaýatda elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberleri has-da artdyryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň kabul eden «Balkan welaýatynyň birnäçe etraplaryny durmuş-ýaşaýyş taýdan toplumlaýyn ösdürmegiň meseleleri hakynda» Kararyna laýyklykda, welaýatda bu ulgamda il-ýurt bähbitli işleriň ýene ençemesiniň amala aşyrylmagy günbatar sebitiň ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Çary TAÝLYÝEW,
«Balkanenergo» önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.