Belent durky, gül görki bilen dumly-duşa ýaraşyk berýän täze bina Gün nuruna öwşün atýar. Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag etrabyndaky haly önümhanasynyň döwrebap binasy ezelden gelýän inçe sungatyň, deňsiz-taýsyz nepisligiň täze nusgalarynyň döredilýän ýerine öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli toý dabaralary bilen nurlanýan häzirki günlerde önümhananyň giň hem ýagty eýwany täze güýç bilen batly kakylýan daraklaryň owazyna dolýar, işiň başky güni täze ýüwürdilen halylaryň gölleri bitip, eýýäm boýy ýetip barýar.
Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna sahawatly saparyna gabatlanyp ulanylmaga berlen bu bina etrabyň ellerinden dür dökülýän gelin-gyzlaryna ajaýyp toý sowgady boldy. Ýarym gektara barabar umumy meýdanyň esasy bölegini haly kärhanasynyň iki gatly binasy eýeleýär. Onuň degresini giň howly, goşmaça gulluk jaýlary gurşap alýar. Binanyň birinji gatynda giňligi 860 inedördül metre barabar bolan eýwan ýerleşýär. Giň hem ýagty eýwanda haly ýüwürdilýän, dokalýan sütün-enjamlaryň 40 sanysy, ölçeg möçberine laýyklykda, degişli tertibi bilen oturdyldy. Sowadyjy hem gyzgyn berýän ýörite enjamlar halyçylaryň 150-siniň esasy işlejek ýeri bolan giň eýwanda ýylyň ähli paslynda howanyň amatly derejesiniň saklanmagyny üpjün edýär.