Melhemlik ýoduň möçberi artýar

31 Awgust 2021
1445

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasynyň hünärmenleri şu ýyl has gaýratly zähmet çekýärler. Kämil enjamlar bilen üpjün edilen kärhana birleşigiň öňdebaryjylarynyň hatarynda bellidir. Muny bu ýerde iş meýilnamalarynyň artygy bilen berjaý edilýändigi-de doly tassyklaýar.

Aslynda, bu häzirki zaman kärhanasynyň Bereket şäherinde gurulmagy, ilkinji nobatda, günbatar sebitiň çäklerindäki ýerasty ýataklardaky suwlarda gymmatly çig mal bolan ýoduň uly gorlarynyň jemlenendigi bilen baglydyr. Esasy gerek bolan polipropilen welaýatyň Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taýýarlanylýar. Ikinji bir zerur serişde — pagta bolsa eziz Diýarymyzyň esasy baýlyklarynyň biridir. Ýod önümçiligini göwnejaý ýola goýmakda zerur bolan çig malyň ählisiniň diýen ýaly ýurdumyzda öndürilmegi kärhanada işleri döwrebap we düşewüntli ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Ýyllyk kuwwaty ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 million sanysyny hem-de diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmäge niýetlenip gurlan bu kärhanada häzire çenli millionlarça manatlyga barabar önüm öndürildi. Şu döwürde taýýar önümleri sarp edijilere ýetirmekde hem guwandyryjy netijeler gazanyldy. Bereket Ýod önümçiligi kärhanasynda dünýä hil ülňülerine laýyklykda taýýarlanýan, ekologiýa babatda arassa bu serişdeler stasionar bejeriş edaralarynda, gaýragoýulmasyz lukmançylykda, şonuň ýaly-da, ýola çykylyp işlenilende juda amatlylygy hem-de netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bir gezek ulanylýan ýod taýajyklarynyň we ýod galamlarynyň lukmançylykda zerur bolýan halatlary köp.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.