Mukaddes önümiň ojagynda

16 Awgust 2021
1477

Welaýatyň ykdysadyýetinde himiýa pudagy häzir düýpli ösüşleri başdan geçirýär. Şunda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynda bitirilýän işler aýratyn öwgä mynasypdyr. Tutuş Diýarymyzda öndürilýän duzuň ähli möçberleri bu ýerde taýýarlanýar. Kärhanada üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda bu mukaddes önümiň jemi 56 müň 146 tonnadan gowragy gazylyp alnyp, bellenilen meýilnama 103 göterimden hem köp amal edildi. Gürrüňi edilýän döwürde däneli duz taýýarlamagyň meýilnamasy bolsa 105,3 göterim berjaý edildi.

Kombinatyň hünärmenleriniň Hazar deňziniň kenarlarynda iş alyp barýan meýdançasy diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýäde duzuň iň köp gorlarynyň jemlenen mesgenleriniň biri hasaplanýar. Çig mal gorlarynyň mukdary 40 million tonnadan hem geçýän «Guwlyduz» kombinaty duz çykarmakda sebitde birinji, tutuş dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýär. Bu baýlyklar mesgeninden alynýan nahar duzuny ýodlaşdyrmagyň ymykly ýola goýulmagy milli Liderimiziň öz mähriban halkynyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygynyň misilsiz güwäsidir.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).