Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda ulag-logistika düzümini ösdürmek we kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamyny giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar. Türkmenistan ýük daşamalaryň halkara ulgamynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, öz çäginde ygtybarly üstaşyr ulag gatnawlaryny üpjün edýär. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň — awtoulag, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine uly üns berýär. Ýurdumyzda halkara ülňülere laýyk gelýän täze howa menzilleri bina edilýär, demir ýollar, ýokary tizlikli awtoulag ýollary, demir ýol we awtomobil köprüleri gurulýar. Demir ýol, deňiz we howa ulaglarynyň üsti täze, döwrebap gämiler, wagonlar, uçarlar bilen ýetirilip, ulag hyzmatlarynyň gerimi barha giňeýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmen logistika assosiasiýasy» hojalyk jemgyýetiniň döredilmegi bolsa bu ugurda alnyp barylýan işleriň barha ilerlemegine getirdi.
Ulag-logistika geljegi uly ulgamlaryň biri hökmünde döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 6-njy iýulynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynda hem bu sebitde ulag-logistika düzüminiň ösüşine aýratyn ähmiýet berildi. Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň çäginde Garabogaz aýlagynyň üstünden çekilen köprä baryp görmek bilen, degişli ýolbaşçylara ol ýerde täze köprini gurmak we oňa barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy. Garabogaz aýlagyny Hazar deňzi bilen birleşdirýän awtomobil köprüsi ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini giňeltmäge hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder.