Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, döwrümiziň beýik binagäri hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz Türkmenistan iri gurluşyk meýdançasyna, belent-belent binalaryň, köşgi-eýwanlaryň mekanyna öwrüldi. Gurulýan binalaryň hatarynda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, kottej toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň bolmagy milli Liderimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir ýola aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklarynyň netijesinde şol binalarda binagärligiň gadymy milli däpleri häzirki zaman arhitekturasynyň gazananlary bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Bu bolsa halkymyzyň binagärlik ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini hem-de zamanabap derejede kämilleşdirilýändigini subut edýär. Şu babatda gürrüň edilende, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda gurlup ulanylmaga berlen, ýene-de sanlyja günlerden bolsa Balkan, Daşoguz welaýatlarynda-da açyljak «Türkmeniň ak öýi» binalary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Olary synlan islendik adam geçmişde halkymyzy ýel-ýagmyrdan, yssy-sowukdan goran bu täsin öýleriň häzirki zaman keşbine haýran galýar. Döwrebap çözgütler esasynda gurulýan «Türkmeniň ak öýi» binalary, aýratyn-da, daşary ýurtly jahankeşdelerdir binagärlerde uly gyzyklanma döredýär.
Milli Liderimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan iri gurluşyk taslamalarynyň ählisini diýen ýaly, indi hut türkmen gurluşykçylary ýerine ýetirýärler. Olar bu ugurda uly tejribe topladylar. Gurulýan döwrebap binalaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalaryň berilmegi döredijilikli işläp, täzeçe gözleglere ymtylýan milli gurluşykçy hünärmenlerimiziň yhlasly zähmetiniň halkara derejedäki ykrarnamasydyr.