Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 4-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlendi. Obasenagat, söwda we dokma toplumlarynda, gurluşyk, senagat, nebitgaz we energetika pudaklarynda, telekeçilikde şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işler, gazanylan netijeler ýurdumyzyň depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýär. Munuň özi ýurdumyzyň zähmet toparlarynyň taryhy ýylda bellenilýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny mynasyp sowgatly garşylaýandygynyň alamaty.
Döwlet Baştutanymyz: «Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr» diýip belleýşi ýaly, paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülmegi, şäher bilen bäsleşýän obalarymyzyň döremegi babatda giň möçberli işleri alyp barýar. Bu babatda kabul edilen milli maksatnamalaryň ählisi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň gurluşyk-binagärlik syýasaty netijesinde, ýurdumyzda köpasyrlyk milli binagärlik däpleri häzirki zaman, döwrebap keşpler bilen sazlaşykly ösdürilýär. Paýtagt şäherimiziň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň toplumlaýyn ösdürilmegine, gurulýan binalarda sanly tehnologiýalaryň, ylmyň iň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna, gurluşyk işleriniň bellenen möhletde tamamlanmagyna, desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Iri senagat desgalarynyň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň yzygiderli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi Garaşsyz Diýarymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň iş ýüzünde amal edilýändiginiň beýanydyr.