Meýdan düşelgesindäki ruhubelentlik

10 Iýun 2021
1417

Galla oragy möwsüminiň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde oňa gatnaşyjy zähmetkeşleriň armasyny ýetirmek maksady bilen welaýatymyzda netijeli işler alnyp barylýar. Daýhan birleşikleriniň çägindäki meýdan düşelgelerinde guralýan aýdym-sazly medeni dynç alyş dabaralary babatda hem şeýle diýmek bolar.

Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde, galla meýdanynyň golaýyndaky meýdan düşelgesinde bolan dabara ýakymly duýgulara beslenen çäreleriň biri hökmünde ýatda galdy. Welaýat häkimligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary we Medeniýet müdirligi tarapyndan bilelikde guralan dabara etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň däne orujy kombaýnlarynyň mehanizatorlary, hasyly ammarlara daşamaga gatnaşýan awtoulaglaryň sürüjileri, gallaçy kärendeçiler gatnaşdy.

Gurbanmyrat DURDYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň baş hünärmeni.