Galla oragy gyzgalaňly dowam edýär

9 Iýun 2021
1673

Hormatly Prezidentimiz meýdanlarda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamaga girişmäge ak pata berdi. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň Mary welaýatynyň Murgap etrabynda hem il sylagly ýaşulularyň, gallaçy kärendeçileriň, oba hojalyk işgärleriniň gatnaşmagynda, ýylyň galla oragyna uly ruhubelentlik bilen girişildi.

Galla oragyna Murgap etrabynyň Nurana Gurbanmyradow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Täjigül Geldiýewanyň 2 gektar kärende ýerinde badalga berildi. Galla oragynda zähmet çekýän mehanizatorlar, kombaýnçylar, awtoulag sürüjileri we kärendeçiler üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Günortan arakesme wagtynda medeniýetli dynç almaklary üçin oňaýly şertler göz öňünde tutuldy. Kombaýnçylaryň, kärendeçileriň, awtoulag sürüjileriň arasynda zähmet bäsleşikleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu guramaçylyk çäreleri özüniň oňyn netijesini berer. Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli edaralary, medeniýet işgärleri daýhanlaryň armasyny ýetirip durarlar.

Gurbangül MÄDENOWA,
TDP-niň Murgap etrap komitetiniň başlygy.