Galla hasylynyň ýygnalýan häzirki günlerinde bugdaý, bugdaý çöregi hem-de şeýle berekedi öndürýän daýhanlar hakynda, tagamly çöregi bişirýän eneler barada oýlandygyňça, olara bolan hormatyň artýar. Egsilmez bereket-bolçulygy döredýän hormatly Prezidentimize bolan buýsanç bütin kalbyňy eýeleýär.
Bu günki gün türkmen daýhanlarynyň bugdaýly meýdanlardaky ýadawsyz zähmetlerini göreniňde kalbyň buýsançdan dolýar. Yhlas etseň, bereket eçilýän topragymyzdan önýän hasyldan taýýarlanan naz-nygmatlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saçaklarymyzyň bezegidir. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzyň daýhanlary her bir gününi zähmet üstünliklerine beslemek hyjuwynda ýadawsyz zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen Ahal, Lebap we Mary welaýatynyň babadaýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa 11-nji iýunda goşular. Belent maksatlary öňlerinde goýan gallaçy kärendeçilerimiz özlerine berkidilen meýdanlaryň her bir gektaryndan ýokary hilli hem-de bereketli hasyl almak ugrunda ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň erkana ýaşamaga, päk zähmet çekmäge, ene toprakdan bereketli hasyl almaga döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, galla bolçulygyny döredýän türkmen daýhanlaryna «Çäjiňize bereket, ömrüňize bereket!» diýesiň gelýär. Hakykatdan-da, ene ýere yhlas etmek bereketli hasyl almak ýaly haýyr-sogaply iş bilen meşgullanýan adamlar hemişe alkyşyň eýesi bolýarlar.