Kädi

6 Iýun 2021
1377

Ýurdumyzda bakjaçylyga uly üns berilýär. Sahawatly topragymyzda ösdürilip ýetişdirilýän bakja ekinleriniň biri-de kädidir. Kädiniň azyk we iýmit taýdan ähmiýeti örän uludyr. Onuň esasy ýokumly maddalary şeker, krahmal, kleçatka hem-de karotindir.

Kädi adamyň saglygy üçin örän peýdaly hasaplanylýar. Ol halk lukmançylygynda bagyr, böwrek, ýürek, iç we başga-da birnäçe keselleri bejermekde giňden peýdalanylýar.

Gözel ORANÝAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.