Düýn Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu çäre halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda döwlet tarapyndan edilýän yzygiderli aladalaryň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi. Dabara Arkadag şäheriniň häkimliginiň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet-sungat işgärleri, bagşy-sazandalar, tansçylar, folklor toparlary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, ýaşlar hem-de täze jaýa göçüp gelen atçylyk pudagynyň işgärleri we olaryň bagtyýar maşgalalary gatnaşdylar.
Ähli amatlyklary bolan täze jaýlaryň ýanynda medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşan dabara uly şatlyk-şowhuna beslendi. Sungat ussatlary öz çykyşlarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň ösüş-özgerişli menzilleriniň waspyny belentden ýetirdiler. Dabarada çykyş edenler ýurdumyzda ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli atçylyk pudagynda uly ösüşleriň gazanylýandygyny nygtadylar. Häzirki döwürde ýurdumyzda arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, atçylyk sportunyň ähli görnüşlerini ösdürmek we behişdi bedewleriň halkara giňişlikdäki şan-şöhratyny belende götermek ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi aýratyn bellenildi.