Görseň — ýeken, örseň — sebet

25 Fewral 2021
1487

Türkmenistanda ýeken ösümliginiň iki görnüşi ösýär. Ýeken diýip atlandyrylýan ösümligiň uzynlygy 2-2,5 metre ýetýär. Ol derýalaryň, ýaplaryň suw basmadyk ýerlerinde ösüp, ýapragy berkligi bilen tapawutlanýar. Ýekeniň beýleki görnüşine ýekenek diýilýär, ol ýaplaryň, zeýkeşleriň suw basan ýerlerinde ösýär we berk bolmaýar. Şonuň üçinem ýekenekden hiç zat ýasalmaýar. Ony örülmedik ýagdaýda düşegiň aşagyndan çyg geçmezlik üçin ýere ýazypdyrlar we jaýyň düýbüni tutmak işinde ulanypdyrlar.

Zagama. Ýekenden gerekli zady örüp, ýasajak bolsaň, oňa, ilki bilen, çiglik bermeli we 10-15 minut suwda goýmaly ýa-da üstüne suw sepelemeli. Bu ösümlikden dokalýan esbaplaryň biri hem zagamadyr. Ol dürli miwe kişdelerini, gurt ýaly azyk önümlerini serip goýmakda ulanylýan örme esbapdyr. Ýekenden zagamany, ýagny sebedi dokamak üçin, ilki 20 sany ýekeni almaly we düýp tarapy gaty bolany üçin 20 sm. ýerini kesip aýyrmaly. Alnan 20 ýekeniň birisiniň arka tarapy, beýlekisiniň öň tarapy tekiz ýerde rejeläp goýulýar. Olar dargap gitmez ýaly, üstünden tekiz tagta bölegi bilen basyp durmaly. Ýerde goýlan ýekenleriň içinden iki-ikiden alnanlary gezekli-gezegine gerlende, iki sanysynyň öň tarapyndan, iki sanysynyň bolsa arka tarapyndan dokamak usulynda ýerine ýetirilýär. Şeýle ýagdaýda ýerdäki 20 ýekeniň içinden ýene-de 20 sany ýeken geçirilýär. Ýekenleriň biriniň öň, biriniň arka tarapynyň goýulmagy olaryň taýmazlygyny üpjün edýär. Zagamany dokap bolandan soň, onuň gyralary gaýtarylyp, iki-ikiden dört ýeken bilelikde daňylýar. Gaýtarylyp daňlandygy sebäpli, zagamanyň gyralary beýik görnüşde bolýar. Bu beýiklik zagamanyň içindäki zatlaryň ýere gaçmazlygy we hapa düşmezlik üçin üsti mata bilen ýapylanda, arasynda boşluk galdyrylýar. Taýýar bolan zagama ortasyndan birikdirilip berkidilýär. Daňlan dört ýekeniň towy gowy ýeten bolmaly. Zagamany islendik ýerde sallap, asyp goýup bolýar we onda serlen gurt, miwe kişdeleri zaýalanman, oňat guraýar. Sebäbi zagamadaky ýekenleriň arasyndan şemal geçip durýanlygy üçin oba ýerlerinde şu günler hem käbir hojalyklarda ulanylýar. Şeýle zagamalar ökde senetkärler tarapyndan dokalýar.

Ogulgerek AGAJANOWA,
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.