Ýurdumyzyň pagtaçylyk pudagyny ösdürmekde gowaçanyň täze sortlaryny döredip, önümçilige ornaşdyrmak biz — seçgiçi alymlaryň esasy wezipesi bolup durýar.
Pagta diňe bir görnüşleri bilen, ýagny orta we inçe süýümliligi bilen däl, eýsem, reňkleri boýunça hem tapawutlanýarlar. Häzirki döwürde ekilýän gowaçanyň pagta hasyly, esasan, ak reňkli. Emma gowaça hasylynyň birnäçe reňkli görnüşleri hem bar. Olar goýy mele, ýaşyl we açyk ýaşyl, goňur reňkli pagtalardyr. Alymlarymyz ösümligiň tebigy polifenol himiki birleşmesiniň pagta süýümine tegmil (pigment) ýaly reňk berýändigini we bakterisid häsiýetiniň ýüze çykmagyna sebäp bolýandygyny anykladylar.