«Pylanam toýuny çaltlaşdyrypdyr, pagtasyn-a geçirip gaýdypdyrlar» diýen süýji habar köplere tanyşdyr. Iki tarap ylalaşyp, sähet bellenensoň, Lebap sebitlerindäki toý hysyrdylary gyz tarapyndan tikiljek ýorgandyr düşekçeler üçin bir top pamyk eltip gaýtmakdan başlanýar. Ony guda ýere öýlenjek ýigidiň dostlarynyň ýa jigileriniň biri eltip gaýdar. Baý, özem ýeňil gopýandyr-ow şol ýigdekçe. Ýakynda dosty (ýa agasy) öýlenjek ýigit-dä!
Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherçesindäki pagta arassalaýjy kärhanada bolanymda, şol süýji duýgular ýene bir ýola serime doldy. Asyl, biz obamyzda atlandyrylyşy ýaly, «toý pagtalarynyň» taýýarlanylýan ýerine gelen ekenig-ä! Kärhananyň, takmynan, 100 metre dagy uzaýan iş zynjyrynyň bir çetinden girýän pagtalar beýleki çetine «toý pagtasy» bolup çykyp dur. Aňyrsy 10 — 15 minutdan hem bir top (200 — 225 kilogram çemesi) pagta taýýar.