Maldarlaryň aladasyna gutarma ýok. Hemişe mallaryň bakysyny ýetirmeli. Maldarçylykdaky möwsümleri talabalaýyk geçirmeli. Elbetde, bu irginsizligi, köp zähmeti talap edýär. Gyş pasly bolsa maldarlar üçin uly synagdyr. Mallaryň baş sanyny köpeltmek, önümliligini artdyrmak köp babatda şu möwsümiň talabalaýyk geçirilişine baglydyr. Bu babatda Türkmenbaşy etrabyndaky «Balkan» maldarçylyk hojalygynda möhüm çäreler görlüpdir.
Şu gyşam gaýly, çapgyn şemally günler azlyk etmedi, garam ýagdy. Otuň ätiýaçlyk gorunyň bolmagy, ýyly kaşarlardan peýdalanylmagy mallary gyşdan dok we tükel alyp çykmaga täsirini ýetirýär.