Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat we Mary etrap komitetleriniň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. “Meniň telekeçilikdäki ilkinji ädimlerim” atly bu duşuşyk “Täze aý önümleri” hojalyk jemgyýetiniň “Datly şerbeti” hususy kärhanasynyň mejlisler jaýynda guraldy. Bu çärä TSTP-niň welaýat we Mary etrap komitetleriniň işgärleri, işjeň agzalary, telekeçiler gatnaşdylar.
Bu wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary Myratgeldi Annaöwezow, TSTP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Röwşen Geldimyradow, “Datly şerbet” hususy kärhanasynyň işçisi Şatäç Nurberdiýewa çykyş etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde badalga berilýän işler barada durup geçdiler. Telekeçileriň haryt bolçulygyny döretmekde bitirýän işleri barada gürrüň berdiler. Şeýle hem bu duşuşykda çykyş edenler ýaşlary telekeçilik işine giňden çekmekde alnyp barylýan işler dogrusynda anyk mysallara salgylanyp, giňişleýin gürrüň etdiler. Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda alyp barýan bähbitli işleri üçin Arkadag Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.