Belent sepgitlere ruhlandyrýar

12 Fewral 2021
1535

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 8-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garamak we olaryň işini kämilleşdirmek bilen bagly iş maslahatyny geçirdi. Onda syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna işlerini döwrüň talabyna görä, yzygiderli kämilleşdirip durmak hem-de öz jemgyýetdäki ornuny yzygiderli ýokarlandyrmak tabşyryldy. Şu maksatlar bilen täze tehnologiýalary, maglumatlary ýaýratmagyň ulgamlaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini giňden peýdalanyp, düşündiriş-wagyz işlerini güýçlendirmegiň zerurdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy senagat taýdan ösen ýurda öwürmek ugrunda alyp barýan parasatly syýasaty özüniň oňyn netijelerini dünýä äşgär edýär. Tutuş ýurdumyz bilen birlikde bedew batly ösüş-özgerişlere eýe bolýan Balkan welaýaty howa we tebigy aýratynlyklary, ulag-geografik ýerleşişi, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň baý we köpugurly ýataklary, olary senagat taýdan özleşdirmäge bolan amatlyklary, şypahana dynç alşyny ösdürmegiň giň mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Bu bolsa, öz gezeginde, welaýatyň senagat önümleriniň eksportyny ýylsaýyn artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Gyýanlydaky gaz-himiýa toplumy, Garabogazdaky karbamid zawody, Serdar şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, çeper halyçylyk kärhanasy, Balkanabatdaky «Batly gadam» hususy kärhanasy, «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri, Jebel şäherçesindäki bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhana, Magtymguly etrabyndaky tikin we aýakgap fabrikler toplumy, oba hojalyk önümlerini öndürýän, olary gaýtadan işleýän düzümler, döwrebap ýyladyşhanalar we köp sanly beýleki önümçilik pudaklary Günbatar welaýatyň senagatlaşan sebitdigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Ýurdumyzyň sebitlerini gyradeň ösdürmek, olaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ösdürmek hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugrudyr. Dünýä nusgalyk ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilik syýasatyň barha rowaçlanýan ýurdunda ýaşap, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görýän welaýatymyzyň ýaşaýjylary eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ynamly gadamlar bilen halal we döredijilikli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda ajaýyp ösüşleri gazanýarlar.

Bibiaýşa SAPAROWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.