Hünär ussatlygy

9 Fewral 2021
1751

ÖŇŇIN Gökdepäniň pagta egriji fabriginiň mejlisler jaýynda «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden bäsleşigiň nobatdaky tapgyry «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň çärelerine baý many öwüşginini berdi.

Dokmaçy gelin-gyzlaryň arasynda uly meşhurlyk gazanan hünär bäsleşigi ýylyň-ýylyna aýratyn işjeňlige eýe bolýar. Munuň şeýledigine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden toýlanyljak ýylynda geçirilen bu gezekki bäsleşik aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Onuň welaýat tapgyryna çeper elli gelin-gyzlar gatnaşmak bilen, hünär ussatlygyny we kärine egsilmez söýgüsini açyp görkezdiler. Bu babatda bäsleşigiň geçirilýän ýerinde Gökdepe etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle-de etrapdaky Atamyrat Nyýazow adyndaky Dokma toplumynyň we Gökdepäniň pagta egriji fabriginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň bilelikdäki tagallalary bilen ähli mümkinçiliklerdir şertler üpjün edildi. Munuň özi bäsleşigiň guramaçylykly geçmegine hem oňyn täsirini ýetirdi.

Akgözel HOJALYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy. SURATLARDA: bäsleşikden pursatlar. Surata düşüren Aýdo ŞEKEROW.