Synag döwri

9 Fewral 2021
1281

Daşoguz welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň çopan-çoluklary dowam edýän gyş paslyny guramaçylykly geçirmek, mallary ýyly hem dok gyşlatmak, olary gurat hem başbitin saklamak boýunça göwnejaý işleri alyp barýarlar. Birleşigiň mallary S.Nyýazow adyndaky etrapdaky «Dowardarçylyk» hem-de Görogly etrabyndaky «Garagum» maldarçylyk hojalyklarynyň hasabynda, Garagumuň Akmolla, Damla, Kyrkguýy, Ataguýy, Yslam, Gyzylburun, Dawaly we beýleki ýaýlalarynda bakylýar. Bu hojalyklarda häzirki wagtda dowarlaryň jemi 97530-sy, düýeleriň hem 4232-si bolup, olar 100-den gowrak dowar hem 40-dan artygrak düýe sürülerine bölünip, tejribeli çopanlar tarapyndan idedilýär.

Demirgazyk sebitiň özboluşly howa şertleri bar. Bu töwerekde müň gylykly gyňyr gyşyň aýazy has äşgär duýulýar. Şu ýagdaýlary nazara almak bilen, maldarçylyk hojalyklarynyň bellenilen öri meýdanlaryndaky ýataklaryň, kaşarlaryň ählisi düýpli abatlanyldy, guýular gözden geçirildi, uzak örülerde amatly şertleri döretmek bilen bagly üpjünçilik meseleleri irgözinden çözüldi. Ätiýaçlyk ot-iým bolçulygynyň döredilmegi mallaryň talabalaýyk idedilmegine, olaryň sagdyn, orta we ýokary semizlikde saklanylmagyna täsir edýär. Geçen ýylyň dowamynda gyşky möwsüm üçin “Garagum” maldarçylyk hojalygynda 3190, “Dowardarçylyk” hojalygynda hem 3164 tonna ot-iýmlik ekiniň, iri baldakly otuň ätiýaçlyk gory döredildi. Mallara ýeterlik ot-iým bilen birlikde, ýyly ýataklaryň bolmagy-da zerurdyr. Maldarçylyk hojalyklarynyň hünärmenleri, çopan-çoluklar bu barada alada edip, kaşarlaryň 100-e golaýyny gyş üçin taýýarladylar.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).