Täsin binagärlik
Alyslardan seleňläp görünýän, paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Estetiki merkezi 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň 10-una gurlup ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde açylyp ulanylmaga berlen bu ajaýyp desgada halkymyza gözellik we estetiki taýdan ähli ugurlar boýunça ýokary hilli kosmetologik hyzmatlary etmek üçin zerur şertler döredilen. Bu ýerde dünýäniň iň öňdebaryjy ýurtlarynyň kompaniýalarynyň häzirki zaman innowasion tehnologiýaly lukmançylyk we ýöriteleşdirilen enjamlary ornaşdyrylandyr. Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýasy tarapyndan gurlan lukmançylyk merkezi özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar.