«Gyzylgumuň» ýaşyl maýsalary

8 Fewral 2021
1374

Diňe Hojambazda däl, welaýatymyzyň ähli etraplarynda şeýle: ilatly ýerleriň jümmüşinden geçýän awtomobil ýollaryň tas ählisiniň diýen ýaly goşa «kenaryny» ekin meýdanlary bezeýär. Olaryň arasynda bugdaýly meýdanlar, gowaçaly atyzlar, gökdür bakja ekinleri ekilen ýerler hem bar. Soň tä barjak ýeriňe barýançaň, tebigatyň gözelliginden, zähmetiň joşgunyndan göwnüň ganatlanar gider.

Türkmenabatdan Hojambaz etrabynyň merkezine uzaýan awtomobil ýoluň ugrunda, etrabyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginiň çäklerinde hem gözleriň manzara düşýär. Ýaşyl maýsaly meýdanlar obanyň bir çetinden başlap, derýa ýakasyna, çölüň jümmüşine çenli uzaýar. Tüweleme, olaryň boý alşy hem hiç neneň däl. Jeýhunyň mele suwundan ganyp, döküni kemsiz ýetirilen maýsalar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynyň berekedini buşlaýar.