Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolan oba hojalygyny düýpli galkynyşa eýe edýän Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzda güýzlük bugdaýa ideg etmek, öňde duran ýaz-meýdan işlerine ykjam taýýarlyk görmek barada beren anyk görkezmelerinden ugur alnyp, welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň baharynda geçiriljek gowaça ekişi üçin ýerleri taýýarlamak işleri agrotehniki kadalara laýyklykda amala aşyrylýar. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serdar we Bereket etraplaryndaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda gowaça ekişi üçin ýerleri taýýarlamagyň häzirki depgini welaýatymyzyň pagtaçy daýhanlarynyň şu ýyl hem öz öňlerinde goýan asylly maksatlaryna ýetjekdiklerine ynam döredýär.
Tehnikanyň daýhanyň daýanjydygyna göz ýetirýän mehanizatorlar şu ýylyň ýazynda welaýat boýunça gowaça ekiljek 10 müň gektar meýdanda sürüm geçirmek işlerini üstünlikli tamamladylar. Häzir topragy owratmak we ýerleri tekizlemek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu işde hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren kuwwatly traktorlarynyň 220-si iki çalşykda bökdençsiz işledilýär. Ýangyç-ýaglaýyş serişdeleriniň we ätiýaçlyk şaýlarynyň ýeterlik möçberde bolmagy işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär.