Her bir ösüşli menziliň, ýetilen belent sepgidiň özenini agzybirlikde, jebislikde, bir başa bakmakda görýän türkmen halky bu gün dünýä ýüzüne ýaň salýan ajaýyp özgerişlikleriň mekanynda agzybir ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan baky Bitarap Diýarymyzda dürli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler diňe bir ýurdumyzyň zähmetsöýer halkynyň däl, eýsem, tutuş sebitiň, dünýä ýurtlarynyň ykbalyna täsir ediji häsiýete eýe boldy.
Türkmenistanda senagat toplumlaryny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi işjeňleşdirmek, şol sanda gaýtadan işleýän düzümi ösdürmek boýunça çäreler işjeň amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň we sarp edijileriň hukuk goraglylygyny üpjün etmek, harytlaryň ýokary hil derejesini şertlendirmek hem-de eksport möçberlerini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň ähmiýetlidigini görkezýär. Ýangyç-energetika toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär. Pudagyň kärhanalarynyň eksport mümkinçilikleri yzygiderli artdyrylýar. 2019-njy ýylda Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawod işe girizildi. «Mawy ýangyçdan» öndürilýän ECO-93 benzinini dünýäniň onlarça döwleti satyn alýar.