Golaýda hormatly Prezidentimiz gözel paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň çäklerinde ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Söwda we dynç alyş merkezinde gurluşygyň alnyp barlyşy bilen tanyşdy. Tanyşlygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz bu gurluşyk toplumynyň adyna «Aşgabat» diýlip at berilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de Aşgabat şäherine bagyşlanan aýdymlaryň bäsleşigini geçirmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi. Şonda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň halk artisti Myrat Sadykowyň «Aşgabat» atly aýdymy ussatlyk bilen ýerine ýetirendigini, onuň meşhur aýdymlarynyň tomaşaçylaryň kalbynda berk orun alandygyny ýatlamagy şu makalany ýazmagyma itergi berdi. Myrat Sadykow 1936-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde mugallymyň maşgalasynda dünýä inýär. Aýdym-saza bolan höwes onda çagalykdan başlanýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşy ýyllarynda Leningradyň (häzirki Sankt-Peterburg) harby gospitallarynyň biri Aşgabada göçürilip getirilýär. Kaka etrabynyň Gowşut obasynda ýaşaýan daýysy Kadyr alty ýaşly Myradyň aýdym-saza bolan höwesini duýup, oňa mandolin sowgat berýär. Ol mandolin bilen ýaraly esgerleriň öňünde çykyş edip, olara ruhy goldaw berýär. 1955-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, Aşgabadyň M.I.Kalinin adyndaky oba hojalyk institutyna (häzirki Türkmen oba hojalyk uniwersiteti) okuwa girýär. Talyplyk ýyllarynda Myrat Sadykow eýýäm atly estrada aýdymçysy hökmünde özüni tanadýar. 1957-nji ýylda Moskwada geçirilen ýaşlaryň we talyplaryň Bütindünýä festiwalynda üstünlikli çykyş edýär. 1960-njy ýylda instituty tamamlaýar we inžener-gidrotehnik hünärini ele alýar. Soňra Aşgabatdaky «Türkmengidrowodhoz» taslama institutynda öz hünäri boýunça zähmet çekýär. Şol bir wagtyň özünde, Myrat Sadykow Aşgabadyň Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk uçilişşesiniň wokal bölümine okuwa girýär. Okuwy tamamlansoň, 1964-nji ýylda Türkmen telewideniýesinde aýdymçy-wokalist wezipesinde işleýär. 1967-nji ýylda ol Kanadanyň Ottawa we Toronto şäherlerinde geçirilen EXPO-67 sergisine gatnaşýar we ol ýerde örän şowly çykyş edýär. Myrat Sadykowyň zehini barha taplanýar. Ol diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, rus dilinde hem aýdym aýtmagy öwrenýär. Myrat ýygy-ýygydan Moskwanyň, Leningradyň konsert meýdançalarynda çykyş edip, tomaşaçylaryň uly söýgüsine mynasyp bolýar. Onuň aýdymlary Moskwanyň Soýuzlar öýüniň Sütünli zalynda, Gurultaýlar köşgünde, Estrada teatrynda, hatda Uly teatrda hem uly hormat bilen garşylanýar. Onuň aýdymlaryny Moskwanyň we Leningradyň telewideniýeleri ýazgy edýärler.
Soňra Myrat Sadykow Bolgariýada, Polşada, Mongoliýada Wýetnamda, Laosda, Senegalda, Gwineýada, Gwineýa-Bisau we başga-da ençeme ýurtlarda şowly çykyş edýär. Wýetnam Respublikasy ony «Halklaryň dostlugy» ordeni bilen sylaglaýar we oňa «Hoşimin» şäheriniň hormatly raýaty» diýen at dakylýar. 1973-nji ýylda Myrat Sadykow «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1982-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara mynasyp bolýar. Ol dünýäniň köp ýurtlarynda çykyş edip, uly meşhurlyk gazanýar. Ussat estrada aýdymçysy «Akja kepderi» diýen ajaýyp aýdymy bilen özüni parahatçylygyň ilçisi hökmünde tanadýar. 1989-njy ýylda Sowet Soýuzynyň Parahatçylyk fondunyň işine işeňňir gatnaşandygy üçin şol guramanyň Hormat medaly bilen sylaglanýar.