Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ýangyç-energetika ugruna degişli uly möçberdäki maýa goýumly taslamalaryň ençemesi alnyp barylýar. Şolaryň aglabasy türkmen döwletiniň nebitgaz pudagynyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy energiýa howpsuzlygynyň berkidilmegine degerli ýardam berýär. Şeýle-de Türkmenistanyň halkara energetika bileleşiginiň öňdebaryjylarynyň biri hökmündäki derejesiniň has-da belende galýandygyny görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ulag, energetika ulgamlarynda öňe sürýän başlangyçlaryna, tekliplerine halkara derejede has uly üns berilýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan milli Liderimiziň tekliplerine, başlangyçlaryna uly goldaw berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Durnukly ösüş babatda maksatlara ýetmek üçin energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly üstaşyr geçirmek, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmek boýunça Türkmenistanyň işläp taýýarlan we öňe süren rezolýusiýalarynyň taslamalary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edildi.