Hormatly Prezidentimiz milli aýdym-saz sungatymyzyň, medeniýetimiziň uly ösüşlere eýe bolmagy ugrunda bimöçber tagallalary edýär. Eziz Diýarymyzyň çäginde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän medeniýet öýleridir merkezleri, sungat mekdepleri, muzeýler, kitaphanalar hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Şeýle kaşaň desgalar milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegi bilen birlikde, bu ugurda kämil hünärmenleriň kemala gelmeginde hem uly ähmiýete eýedir.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipeleriniň beýanyny tapmagy has-da begendirýär. Maksatnamada döwletimiz tarapyndan medeniýet ulgamyny maglumatlar bilen üpjün etmek, çeper döredijilik we innowasiýa işi üçin şertleri döretmek, ilat üçin medeni gymmatlyklaryň elýeterliligini giňeltmek we dünýä medeniýetine goşulyşmak boýunça işjeň çäreleriň görülmegi bellenilýär. Onda medeniýet ulgamynyň ösüşine has-da itergi berjek desgalaryň gurluşygyna aýratyn ünsüň berilmegi ählimizi begendirýär.