Ýer rysgal eçilýär
Hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumyny çalt depginlerde ösdürmek, daýhany ýerden alýan bereketli hasylyna görä barha gurplandyrmak hakyndaky görkezmelerinden ugur alyp işleýän oba hojalykçylar ýeriň hasyllylygyny artdyrmak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Tejribeli ekerançy Hakmyrat Halmyradow hem indi köp ýyllardan bäri Baýramaly etrabynyň “Merw” daýhan birleşiginiň çägindäki alty gektar ýerden bugdaýyň we pagtanyň bol hasylyny alyp gelýär. Ýeriň eçilýän rysgal-döwleti maşgalanyň ähli agzalarynyň ruhuny belende göterýär. Şonuň üçinem topraga zähmet derini siňdirmeli bolanda halypanyň aýaly Amangözel Halmyradowa, ogullary Şamyrat, Baýmyrat, gelni Ogulnyýaz uly höwes bilen işleýärler. Olar agzybirlikde zähmet çekip, ýeriň talabalaýyk bolmagyny gazanýarlar. Topragyň endiganlygy, onuň dürli dökünler bilen yzygiderli gurplandyrylmagy, tehnikanyň hyzmatynyň dowamly ýola goýulmagy ýeriň göwün diýen hasyly eçilmegine mümkinçilik döretdi.