Innowasion geljege tarap müň ädim

29 Ýanwar 2021
2120

Rowaçlyklaryň ak ýoluna düşen ata Watanymyz bu gün dünýä döwletleriniň arasynda kuwwatly we durnukly ösýän ýurt hökmünde öz mynasyp ornuny eýeledi. Hormatly Prezidentimiz: «Iň öňdebaryjy tejribeleri özüne siňdiren häzirkizaman jemgyýetiniň hakyky gymmatlygy baýlyklarda däl-de, adamlarda, olaryň ylmynda, biliminde, hünär derejesinde hem-de zähmetiniň netijesinde jemlenendir» diýmek bilen innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýete ähmiýet berýär.

Milli ykdysadyýetde sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek maksady bilen, 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025 nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Sanly serişdeleriň ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyna uly itergi berdi.

Aknabat DÖWLETOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.