Ösüşiň innowasion ýoly

25 Ýanwar 2021
1844

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üpjün edilýär. Bu babatda ýetilýän belent sepgitlerdir gazanylýan ýokary görkezijiler ýurdumyzda maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýan sanly özgertmelerden gözbaş alýar. Munuň özi ykdysady taýdan kuwwatly Türkmenistanda halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň işini ösdürmäge we ýurdumyzy güýçli senagat döwletine öwürmäge ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, ösüşiň innowasion ýoluny milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Halk hojalygyny sanlylaşdyrmak bilen bagly giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak üçin maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek işi milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» öz beýanyny tapdy. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän degişli konsepsiýa esasynda ýurdumyzda innowasion özgertmeleriň geçirilmegi Türkmenistanyň halk hojalygynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we has-da ösmegine mümkinçilik berdi.

Bahar JEPBAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.